Amerikada bilim alan daşary ýurt talyplara “Green card” beriler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) öňki Prezidenti Donald Tramp anna güni eden çykyşynda ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan raýatlygy bolmadyk daşary ýurtly talyplara okuwlaryny tamamlandan soňra “Green card” berilmeginiň möhümdigini belläp geçdi. Bu barada ABŞ-nyň metbugaty habar berýär.

Häzirki wagtda ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna dalaşgär bolmak üçin hereket edýän Donald Tramp ABŞ-nyň kolležleriniň we ýokary okuw jaýlaryny tamamlan uçurumlara diplomynyň bir bölegi ýaly awtomatiki ýagdaýda “Green card” berilmäge mynasypdygyny belläp geçdi.

“Bu kiçi kolležleri hem öz içine alýar. Kolleži tamamlan her kim-ol ýerde 2 ýyl ýa-da 4 ýyl okanlara, uniwersiteti tamamlanlara we kolležden doktorlyk derejesini alanlar bu ýurtda galyp bilerler” diýip Tramp belläp geçdi.

Bu syýasaty ýöretmegiň esasy maksady, Amerikada okuwy tamamlan ökde we güýçli, iş bilermen, zehinli adamlaryň ABŞ-a gelmegine has köp mümkinçilik döretmek hem-de ýurduň ösüşine goşant goşmak diýip bellenilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok