Türkmenistan Afrika yklymynyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Paýtagtymyz Aşgabatda 20-nji iýunda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekilýetiniň we Zimbabwe Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Meýbl Çinomonanyň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Parlamentiniň ýolbaşçysy myhmany ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy.

Iki taraplaýyn duşuşygyň dowamynda taraplar milli kanunçylygy we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmak, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar. Parlamentleriň ugry boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredýändigi, şol sanda Afrika yklymynyň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyna aýratyn üns berilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok