S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti ýurdumyzyň orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» hakaton bäsleşigini yglan edýär. Ýakynda bäsleşige gatnaşjaklaryň hasaba alnyşygy başlady.
Bäsleşik toparlaýyn görnüşde geçirilip, her ýokary okuw mekdebi 3 talypdan ybarat bolan bir topary hödürläp biler.
Bu toparlaýyn bäsleşigiň esasy maksady GIS-tehnologiýalarynyň häzirki zaman mümkinçiliklerini ulanmak arkaly geomaglumat ulgamlary uzak aralykdan üste galtaşmazdan seljermeleri geçirmek, ýagny zondirlemek bilen bagly täze taslamalary we pikirleri döretmek hem-de öňe ilerletmek bolup durýar. Gatnaşyjylar amaly maksatnama üpjünçiligini, web-hyzmat, geoportal ýa-da ykjam goşundy işläp taýýarlamalydyrlar. Bäsleşigiň meselelerini çözmäge 4 sagat wagt berler.
«Geomaglumat ulgamlary we çözgütleri» bäsleşigi 2024-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-19-na S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçiriler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli uniwersitetiň tohu_hakaton@mail.ru elektron salgysy boýunça bellige alnyp bilerler. Habarlaşmak üçin telefon belgi +99365-63-36-44.
Netijelere laýyklykda, gatnaşyjy toparlaryň arasyndan 1 sany baş baýrak, 2 sany I orun, 2 sany II orun hem-de 3 sany III orun kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijileri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň degişli derejeli diplomlary bilen sylaglanarlar.
Teswirler