Türkmen döwlet maliýe institutynda uçurymlaryň ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlamaklary mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Institutyň uçurymlary «Maliýe», «Maliýe seljermesi», «Pul dolanyşygy we karz», «Bank işi we maliýe», «Salgytlar we salgyt salmak», «Ätiýaçlandyryş işi», «Birža işi», «Buhgalterçilik hasaby we audit» ugurlary boýunça okuwy tamamladylar.
Şonuň bilen birlikde, bu okuw ýylynda «Maliýe menejmenti» we «Ykdysady informatika» ýaly täze ugurlaryň talyplary bu hünärleriň ilkinji uçurymlary boldular. Şol sanda, ýokary okuw mekdebinde «Halkara maliýe» ugry boýunça bakalawrlar, hem-de «Telekeçilik we maliýe» ugry boýunça magistrler okuw ýylyny üstünlikli tamamladylar.
Dabaranyň dowamynda institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, talyplary uçurymlara mähirli gutlag sözlerini aýdyp, olara ak ýol arzuw etdiler.
Ýokary okuw mekdebiniň döredijilik topary baýramçylyk meýdançasynda uçurymlar üçin aýdym-sazly şüweleň gurnadylar.
Teswirler