Dünýädäki iň erbet ysly ösümligi

Dünýäniň iň erbet ysly güli başga “jeset güli” diýlip atlandyrylýan we dünýäde iň seýrek gülleriň biri bolan himiki ysly “aristolochia goldiena” Londondaky Kew Gardens Korollyk botanika bagynda ilkinji gezek bir wagtyň özünde gülledi.

Kew Gardens Korollyk botanika bagy tarapyndan berlen beýanata görä, “aristolochia goldiena” botanika bagynyň taryhynda üçünji gezek gülledi. Beýanatda boýy 3 metr we ömri 48 sagat bolan “aristolochia goldiena” ilkinji gezek 1990-njy ýylda, ikinji gezek 2023-nji ýylda gülläp, onuň gülüniň ysynyň himiki maddalara meňzeýändigi aýdylýar.

Kew Gardens Korollyk botanika bagynda 1889-njy ýylda ilkinji gezek ýazga alnan “jeset gülüne” ilatyň aşa köp gyzyklanmasy sebäpli ýörite goraga alyndy. “Aristolochia goldiena”-nyň çüýrän etiň ysyny ýada salýan erbet ysy sebäpli “jeset güli” we “Dünýäniň iň erbet ysly güli” ady bilen 2021-nji ýylda hasaba alyndy.

Takmynan 12 ýylda ilkinji gülüni açmak üçin ýeterlik energiýa toplandygy aýdylýan “aristolochia goldiena” gülüniň 5 ýyldan az wagtyň içinde ilkinji gezek iki gezek açylandygy mälim edildi.

Rahym ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok