Bugdaý oragy gyzgalaňly barýar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan gallaçylygy ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde döredilýän şertlerden, berilýän goldawlardan ýerlikli peýdalanýan ýurdumyzyň gallaçylary geçen ýylyň güýzünde müňlerçe gektar meýdanda bugdaý ekişini amala aşyryp, onuň kadaly gögerişini gazanmak bilen, şondan bäri geçen döwrüň dowamynda ekin meýdanlarynda ýadawsyz iş alyp bardylar. Olaryň uzak wagtlap çeken zähmeti özüniň guwandyryjy netijelerini hem berdi. Munuň şeýledigini şu günlerde bugdaý meýdanlaryndaky bereketli hasyldan, ony ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işlere ähli gujur-gaýratyny gönükdirýän gallaçy daýhanlaryň, kombaýnçylaryň orak möwsüminiň ilkinji günlerinde gazanýan üstünliklerinden hem görmek bolýar.

Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň gallaçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bugdaý oragy möwsümine dabaraly ýagdaýda, agzybirlik bilen girişip, häzirki günlerde bu işi guramaçylykly dowam etdirýärler. Şonda turuwbaşdan onuň ýokary depginlere göterilendigini-de bellemek gerek. Muny giň atyz-meýdanlarda bugdaý orýan kombaýnlaryň sazlaşykly hereketleri, üsti bugdaý ýükli ulaglaryň galla kabul ediş bölümlerine barýan kerwenleri hem tassyklaýar.

Gyzgalaňly günlerde gazanylýan zähmet üstünliklerinde kämil tehnologiýaly «polat atlara» — bugdaý orujy kombaýnlara ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlaryň, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulag sürüjileriniň, gallaçylaryň armasyny ýetirip durýan medeniýet işgärleriniň, olaryň arasynda höweslendiriş çärelerini geçirip, zähmet ýeňşine ruhlandyrýan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň saldamly goşandy bar.

Aýşat ALLABERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok