Mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça bäsleşerler

2024-nji ýylyň 24-25-nji iýuny aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Mekdep okuwçylaryň arasynda Mental arifmetika boýunça bäsleşigiň geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň  Bilim ministrliginiň resmi web saýty habar berýär.

Bäsleşik Türkmenistanyň  Bilim ministrliginiň tassyklan düzgünnamasyna laýyklykda geçiriler. Düzgünnama görä, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Türkmenistanyň dürli künjeklerinden saýlanan 110 sany zehinli 6-14 ýaşly mekdep okuwçylary gatnaşmaga mümkinçilik gazanarlar. Bäsleşigiň açylyş gününde zehin synagy mental arifmetikanyň «Zehin senenamasyny hasaplamak», «Mental kwadrat kök (alty belgili) almak», «Ýatdan goşmak», «Ýatdan köpeltmek (8×8)» görnüşleri boýunça geçiriler. Ikinji günüň synagy mental arifmetikanyň «Flash Anzan marafony» görnüşi boýunça alnyp barlar. 

Şunuň bilen birlikde,  bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde yglan ediler we ýeňijilere degişli diplomlar gowşurylar.

Bäsleşigiň düzgünnamasy we goşundysy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok