Senagat we gurluşyk galyndylarynyň ekologiýa zyýany

Häzirki wagtda islendik döwletde gurluşygyň alynyp barylmaýan ýeri ýok, bu ýagdaý adamzat ýaşasa geljekde hem dowam eder. Sebäbi häzirki wagtda oňa isleg bar we geljekde hem oňa isleg has hem artar. Gurluşykda hem galyndylar emele gelýär. Gurluşykda ýa-da senagatda ulanylan önümleriň galyndylary, beýleki galyndylara seredeniňde daşky gurşawa ýetirýän zyýany gaty uludyr. Islendik gurluşyk we senagat galyndylary bilen hapalanan ýerler möhletsiz, ýagny wagty hasaby aýdylyp bolmaýan möhletde gaýtadan işlenilmäge ýaramsyzdyr.

Gurluşyk galyndylary aýyl-saýyl edilmäge başgaça aýdanymyzda seperatsiýa edilmäge, gaýtadan işlenilmäge, gaýtadan işlenilip bolmaýanlary bolsa zyýansyzlandyryp saklanylmaga degişlidir.

Bu galyndylary gurluşyk geçirilýän çäkden daşyna çykarylmaly däl, olaryň ýörite saklanyş şerti bardyr. Olar hiç wagt arassa topragyň üstünde saklanylmaly däl. Bu galyndylar emele geldimi gysga wagtda başga ýere göçürilip äkidilmeli. Äkidilenden soňra eger-de olar garyşdyrylan bolsa aýyl-saýyl edilmeli (seperatsiýa edilmeli). Soňra gaýtadan işlenilip başlanylmaly.

Ýöne gynansakda dünýä tejribesiniň görkezişine görä bu usul has netijeli hasaplanylmaýar. Dogry, hapalary gaýtadan işlenilmegi näme üçin netijeli däl diýen sorag ýüze çykyp biler!

Munuň üçin ilki bilen näme etmeli?

  • Gurluşykda ulanyljak ähli materiýallary öndürilende, tebigat üçin ähli tarapdan howpsuz edip öndürmeli;
  • Gaýtadan işlemek mümkinçiliginiň aňsat ýoluny ýa-da häzirki döwürde gaýtadan işlemäge mümkin boljak önüm hökmünde çykarmaly;
  • Gurluşyk materiýallary öndürilende gaty zäherli himiki birleşmeler ulanylýar, olaryň öwezini topraga, howa, ösümlik örtüginede zyýan ýetirmeýän önümler bilen çalyşmaly;

Häzirki wagtda öndürilýän gurluşyk materiallary gaýtadan işlenilip bolmaýan ýa-da gaýtadan işlemek ykdysady taýdan girdejili (рентабельный) däl diýilip taşlanylýar.

Gurluşyk hemişe ýokary depginde ösýän pudak bolup, onuň toprak örtügine täsiri güýçli bolýar. Şonuň üçin gurluşyk materiýallary öndürilende ýokardaky agzan talaplarymyza laýyk gelmelidir. Eger-de biz bu zatlaryň çözgüdini başdan çözüp işlesek, şu ýagdaýda ekologiýanyň gurluşyk galyndylary bilen hapalanmagyny azaldyp we öňüni alyp bileris.

Emma diňe ekologiýanyň talaplaryny göz öňünde tutmak hem nädogrydyr. Mysal üçin seýsmologiýanyň talaplaryny hökmany surtda göz öňünde tutmaly. Arassa önüm öndürip bolar, ýöne olar berk bolonok diýen mesele ýüze çykýar. Ekologik taýdan arassa önüm ýeriň yranmasyna durnukly däl, ýa-da arassa önüm öndürýäs duza durnukly däl. Bu bolsa adam saglygy üçin howply ýagdaýlary getirip biler.

Emma şeýle talaplara garamazdan ekologik bähbit pese düşmez ýaly ýagdaýda saklamagy  gazanmaly. Gurluşyk galyndylaryň topraga düşmänka gaýtdan işlenilmegini gazanmaly.

Eger-de toprak örtügi senagat we gurluşyk önümleri bilen hapalanandan soňra näme etmeli?

Bu galyndylar saklanyp zäherlenen ýer bolsa, onda ol ýerler ulanylmaýar. Häzirki döwürde ulanmaga rugsat berilmeýär. Bu ýerlerde ekin ekilmeli däl, hat-da bu ýerlerde ösen ösümlikler maldarçylykda hem ulanylmaly däldir. Ýöne bu ýerlerde ösümlikler ösdürmek peýdalydyr, sebäbi ösümlik ol ýeriň gaýtadan dikelmek ukybyny güýçlendirýär. Ösen ösmlikleri näme maksat üçin peýdalanyp bolar?

Ýangyç hökmünde ulanyp bolar, guradyp başga maksat üçin peýdalanyp bolar. Emma maldarçylykda peýdalanylmaly däl.

Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky TDU-niň
ekologiýa hünäriniň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok