Uzak ömrüň syry barada täze maglumatlar tapyldy

Täze gözlegiň netijesine görä, gandaky dürli gurluşlar 100 ýaşa ýeten adamlaryň syryny açyp biler. Gözlegçiler 100 ýaşdan uly adamlaryň biomarker profilini we has ir ýaşda aradan çykan adamlaryň biomarker profilini gözden geçirdiler. Soňra bu profilleriň arasyndaky tapawudy ýüze çykarmak üçin ýygnalan maglumatlary deňeşdirdiler.

Gözlegde 44 müň şwesiýaly gatnaşyjynyň maglumatlary gözden geçirildi. Bu gatnaşyjylar 64-99 ýaş aralygyndaky adamlardan saýlandy.

Gözlege gatnaşyjylaryň peşew kislotasy, holesterin we glýukoza derejesi ölçenildi. Şeýle hem beýleki organlar bilen baglanyşykly funksiýalar barlandy. Alnan netijelere görä, 100 ýaşdan köp ýaşamagyň ilkinji ýagdaýy, gandaky glýukoza derejesidir.

Mundan başga-da, kreatiniň we peşew kislotasynyň derejesi pes bolmaly. Başgaça aýdylanda, 100 ýyl ýaşamak üçin bu ownuk jikme-jikliklere üns bermeli.

Gunça GELDIMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok