Gumanoid robot “XBot-L” taryhda ilkinji bolup Beýik Hytaý Beýik diwaryna çykdy

Emeli aňyň ösmegi bilen gumanoid robotlaryň ösüşinde ep-esli öňegidişlik gazanyldy. Hytaýda ýerleşýän “Robot Era” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen “XBOT-L” Beýik Hytaý diwaryna çykan ilkinji gumanoid robot bolmagy başardy.

Beýik Hytaý diwaryna çykan ilkinji gumanoid robotdygy baradaky wideo “Robot Era”-nyň YouTube kanalynda ýerleşdirildi. “Xbot-L” – Hytaý kompaniýasynyň “Unitree” kompaniýasynyň “H1” gumanoid roboty ýa-da “Boston Dynamics Atlas” roboty ýaly çalt bolmasa-da, Beýik Hytaý diwarynyň çykmasy kyn gödek ýollarynda gezmekde ajaýyp ussatlygy görkezdi.

“Robot Era” kompaniýasy “XBOT-L” gumanoid robotynda ulanan “RL” tehnologiýasy bilen baglanyşdyrýar. “RL algoritmleri, robotyň karar bermek ukybyny güýçlendirmäge kömek edýär. Şeýlelik bilen, robot çylşyrymly ýol şertlerini tanap we ýöreýiş ýagdaýyny öz wagtynda sazlap bilýär.

Rahym ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok