Bedenimizde haýsy organyň has agyrdygyny çaklamak örän kyn, ýöne bu mesele boýunça ylmy maglumatlar bar. Elbetde, bu ýaşa, jynsa we umumy saglyga görä üýtgäp bilýär.
Derini käbir alymlar organ hökmünde kabul etmese-de, onuň agramyna kembaha garalmaly däl. Adam bedenindäki iň agyr organ bolan deriniň umumy agramy ortaça 3,6 kilogramdyr. Deri uly ýaşly adamlaryň beden agramynyň ortaça 16 göterimini emele getirýär. Organlar topary hasaplanýan skelet ulgamymyz, bedenimiziň agramynyň takmynan 15 göterimini emele getirýär. Elbetde, bu görkeziji her süňküň ýaşyna görä üýtgeýär.
Organlar barada aýdylanda, bu meselede bagyr birinji ýerde durýar, ýöne umumy sanawymyzyň üçünji ýerinde. Metabolizmiň merkezi bolan bagyr, 1,5 kilogram ortaça agramy bilen her gün 500-den gowrak funksiýany ýerine ýetirýär. Sanawda bagyrdan soň, agramy 1,4 kilogram bolan beýni bar. Möhüm funksiýalaryň merkezi bolan beýni we özboluşly gurluşy bilen hem tapawutlanýar. Beýni uly ýaşly adamlaryň bedeniň agramynyň takmynan 2 göterimini emele getirýär.
Iň agyr organlaryň biri hem öýken bolup, sag öýken takmynan 600 grama, çep öýken ortaça 560 grama deňdir. Agramy 300 gram bolsa-da iň möhüm organlaryň biri ýürekdir. Ýürek günde takmynan 100 müň gezek ýygrylyp-ýazylyp, bedenimize kislorod we ýokumly maddalary daşaýar.
Günde 200 litr töweregi gany süzüp, peşew öndürýän böwreklerimiziň hersi takmynan 150 gram. Böwrek erkeklerde 125-170 gram bolup bilse-de, zenanlarda ortaça 115-155 gramdyr. Ýokançlyklara garşy göreşýän we ak ganyň aýlanyş derejesini kadalaşdyrýan dalagyň ortaça agramy böwrek bilen deňdir we onuň agramy 150 gramdyr. Organlaryň hersi dürli agramly bolsa-da, olaryň sazlaşykly işlemegi arkaly adam sagdyn ýaşap bilýär.
Aýlar GURBANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler