HNGU-nyň wekiliýeti Kazandan üstünlikli dolandy

Russiýa Federasiýasynyň Kazan Federal Uniwersitetinde (KFU) guralan Halkara ylmy ýaşlar maslahatynyň çäginde geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň adyndan wekiller gatnaşdylar.  ýeňiji bolan wekilleri sylaglandy. 2024-nji ýylyň 11-14-nji apreli aralygynda geçirilen bäsleşikde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary ýeňişli orunlary gazanmagy başardylar.

  Bäsleşigiň ýeňijileri:

  1. Gadam Garaýew-Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak kafedrasynyñ mugallymy;
  2. Gülälek Nuraýewa-Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Fizika we elektronika kafedrasynyñ mugallymy;
  3. Ilýa Lurýew-Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň 3-nji ýyl talyby ;
  4. Muhammet Rahmanow-Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby;
  5. Begli Begliýew-Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Nebit we gaz fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýeňijilere ylymlar güni mynasybetli geçirilen ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşiginiň sylaglamak dabarasynda gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok