“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümi — tekliplere garaşýarys!

Mähriban ildeşler!

2024-2025-nji okuw ýylynyň başynda däp bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümine badalga berilýär. Adatdakysy ýaly, bu möwsümiň hem gyzykly we çekeleşikli geçmegine garaşylýar.

Bu bäsleşik babatynda barha ösýän gyzyklanmalary göz öňünde tutmak bilen, bäsleşigiň guramaçylyk topary sizden – mekdep okuwçylaryndan, mugallymlardan, ene-atalardan, bu bäsleşik bilen gyzyklanýan ähli ildeşlerimizden möwsümiň baş şygary, onuň oýunlarynyň mazmuny babatda we taslamany guramaçylyk taýdan kämilleşdirmäge gönükdirilen tekliplere garaşýarys.

Teklipleriňizi özüňiz barada gysgaça maglumat bilen parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna ugratmagyňyzy haýyş edýäris.

Teklipleri 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli ugradyp bilersiňiz.

Sizden geljek tekliplere garaşýarys!!!

Guramaçylyk topary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok