Gözbaşy müňýyllyklara uzaýan Gurban baýramynyň baý öwüşginli dabaralary eziz Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, watansöýüjilik duýgusyny has-da belende göterýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda Gurban baýramynda halkymyz üç günläp dynç alýar hem-de bu baýramy uly dabaralar bilen belläp geçýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli däp-dessurlarymyz sarpalanyp, gadymy ýörelgelerimize uly hormat goýulýar. Bu halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň giňden dabaralandyrylmagynda hem açyk-aýdyň görünýär. Şu nukdaýnazardan, Gurban baýramy hem pederlerimizden gelýän gadymy hem milli ýörelgelerimiziň esasynda giňden bellenilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatly çözgüdi bilen her ýylda üç gün dynç güni diýlip bellenilip, bagtyýar raýatlarymyzyň asylly däplerimize görä gurbanlyk dessuryny berjaý etmeklerine uly mümkinçilik döredilýär. Gurban baýramynda, ilkinji nobatda, arassaçylyk kadalary doly berjaý edilýär. Öýlerde baýramçylyga giňden taýýarlyk görülýär. Toý saçaklary ýazylyp, naz-nygmatlar bilen bezelip, myhman garşylanýar. Gurbanlyk maly soýlup, goňşy-golam, dogan-gardaş, dost-ýar, tanyş-biliş myhman çagyrylyp, gurbanlyk sadakasy berilýär.
Goý, Gurbanlyk sadakalaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolup, ýürekleriňiz ýagşylyk we mähir nury bilen dolsun!
Altynaý HALMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler