Astrahan uniwersiteti bilen Türkmenistanyň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygy artýar

Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň (ADTU) rektory Aleksandr Newalýonnyý Türkmenistandaky uniwersitetleriň ýolbaşçylaryna çakylyk ugratdy. Olary Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleri we ylmy-agtaryş merkezleri bileleşiginiň nobatdaky Baş Assambleýasyna, talyplary bolsa «Hazar oýunlary» uniwersiadasyna gatnaşmaga çagyrdy. Duşuşyk ADTU-da geçiriler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar saýty habar berýär.

Çakylyk Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň başlygy Gadam Ilamanow bilen bolan duşuşygynda yglan edildi. Söhbetdeşlikde taraplar Astrahan uniwersiteti bilen Türkmenistanyň arasynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Balykçylyk we nebitgaz pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Türkmenistandan Hazar deňzi ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy agtaryş edaralarynyň jemgyýetçilik bileleşigini esaslandyryjylaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem bardygyny bellemelidiris.

Assosiasiýa üçin ýaşlary we talyplary Hazar deňziniň meselelerini çözmäge çekmek möhümdir. Assosiasiýa, birleşme tarapyndan yglan edilen adamkärçilikli ýörelgeler we maksatlar esasynda hereket edýän ýaşlary birleşdirmegi maksat edinýär.

Şu ýyl Astrakhanda geçiriljek Hazar oýunlary uniwersiadasyna Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan we Türkmenistandan 600 töweregi türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň bilim pudagynda uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýandygyny bellemelidiris. Hyzmatdaşlyk şertnamalary Türkmenistanyň bäş bilim edarasy bilen güýje girýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde işjeň bilelikdäki ylmy işler alnyp barylýar.

Aprel aýynyň ahyrynda türkmen-rus ylym we bilim hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra Astrakhan döwlet tehniki uniwersitetine bilim ministriniň orunbasary Aleksandr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasy iş saparyny amala aşyrdy. Şeýle hem, ol Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetler we ylmy agtaryş merkezleriniň bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň iş meýilnamasyna gatnaşmaga çagyryldy.

Gülsähra Berdiýewa,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky
Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär
okuw mekdebiniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok