Aşgabatda “HI-TECH Türkmenistan 2024” atly halkara forum we sergi geçiriler

2024-nji ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça “HI-TECH Türkmenistan 2024” atly halkara forum we sergi geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bilelikde gurnaljak bu sergi innowasiýa tehnologiýalar pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly we deň hukukly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek hem-de işjeňleşdirmek üçin platforma bolup hyzmat eder.

Sergi gurluşyk tehnologiýalary, akylly şäherler, emeli intellekt, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, bazar ýerleri (marketpleýs), 5G we aragatnaşyk torlarynyň indiki nesilleri, lukmançylyk anyklaýyş enjamlary we gurallary, robot tehnikalary, elektron hökümet, maliýe tehnologiýalary ýaly beýleki mowzuklary öz içine alar.

Ýeri gelende belläp geçsek, “HI-TECH Türkmenistan 2024” halkara forumyň we serginiň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmekden hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Gurbanjemal GYLYÇDURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok