Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşiri çapdan çykdy

Golaýda, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Gyzyl kitap ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň özboluşly tebigatyny goramaga, baýlaşdyrmaga, tebigy baýlyklary ylmy taýdan düýpli öwrenmäge hem-de ekologik abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir we ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat dünýäsi baradaky gymmatly ylmy işdir.

Türkmenistanyň Gyzyl kitaby ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyny takyk görkezmek bilen, ýurduň biodürlüliginiň san taýdan üýtgeýşiniň möhüm görkezijisidir. Resmi taýdan kabul edilen nama hökmünde onda ýurduň ýabany ösümlikleriniňdir haýwanlarynyň seýrek duş gelýän, sany azalýan hem-de ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleriniň tebigatdaky sany, ýaýrawy, ýagdaýy we gorag çäreleri barada bir nusga getirilen maglumatlar berilýär.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirini taýýarlamak üçin zoologiýa we botanika boýunça kiçi toparlardan ybarat bolan pudagara topar döredildi. Bu toparyň düzümine Türkmenistanyň Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de beýleki degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alymlary we hünärmenleri girizildi. Gyzyl kitaby taýýarlamak üçin pudagara toparyň agzalaryndan başga-da, botanikler we zoologlar işe çekildi.

Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri taýýarlanylanda, Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) Gyzyl sanawynyň, şeýle-de ýurduň ozalky neşir edilen Gyzyl kitabynyň maglumatlary ulanyldy. Täze neşirde görnüşiň ýagdaýynyň milli derejesini anyklamakda esas hökmünde ilkinji gezek 1994-nji ýylda çap bolan TGHB-niň Gyzyl sanawynyň ölçegleri alyndy. Ählumumy derejede howp abanýan — düýbünden ýitip barýan, ýitip barýan we ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüşlere aýratyn üns berildi.

Begenç DÖWLETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok