Rus awtoulag öndürijisi “AvtoVAZ”, “Lada”-nyň 2014-nji ýylda satuwa çykaran “Vesta” modelinden 10 ýyl soň “Iskra” modeli bilen tanyşdyrdy.
“AwtoVAZ” kompaniýasynyň başlygy Maksim Sokolow rus dilinden terjime edilende “uçgun” diýmegi aňladýan “Iskra” modeli barada: “Bu awtoulag müňlerçe adamlyk toparymyzyň hakyky zähmet üstünligini alamatlandyrýar. Global awtoulag senagatynyň standartlary boýunça rekord döwür. Bu ulagy hakykatdanam täzeden döretdik we tehnologiki taýdan garaşsyz etdik” – diýip belläp geçdi.
Sokolow awtoulag barada, häzirki wagtda iň tygşytly konfigurasiýanyň bahasynyň 1-1,2 million rubla deňdigini aýtdy.
“Iskra”-nyň önümçilik ýeri, 1966-njy ýylda Sowet Soýuzy döwründe Tolyatti şäherinde döredilen zawod bolar. Maýa goýum mukdary 23 milliard rubl bolan köpçülikleýin önümçiligiň 2025-nji ýylda başlanmagyna meýilleşdirilýär.
Jeren AKYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler