Häzirki wagtda tutuş ýer ýüzünde ähli pudaklarda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Eýsem, innowasion tehnologiýa näme?
Innowasion tehnologiýalara düşünmek üçin ilki bilen “innowasiýa” adalgasyna düşünmek zerurlygy ýüze çykýar. “Innowasiýa” diýmek “täzeçillik” diýmekdir. Haýsy hem bolsa bir ulgamda öňki ýagdaýa derek, täze bir ýagdaýyň girizilmegi we şol girizilen ýagdaýyň öňki ýagdaýa garanda gowy netijeleriň bermegi bilen düşündirilýär. Innowasion tehnologiýa bolsa täze usullaryň we täze serişdeleriň bilelikdäki toplumy. Innowasion tehnologiýalaryň netijesinde islendik bir pudakda özgeriş gazanyp, täzeçillik döredip bolýar. Innowasion tehnologiýa girizilen islendik bir pudagyň ýagdaýy öňküsinden has hem gowulaşyp ugraýar. Biri-birinden kesgitli alamatlaryna görä innowasiýalaryň hem öz gezeginde birnäçe görnüşleri tapawutlandyrylýar.
Saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tehnologiýalar – bu diňe bir täze medisina enjamlary bolman, eýsem, ähli işleri awtomatlaşdyrýan pudaklaýyn programma üpjünçiligidir. Medisinada innowasion tehnologiýalar tutuş adamzat we islendik bir adam üçin möhüm rol oýnaýar. Sebäbi ynsan saglygy dünýäde bahasyna ýetip bolmajak iň gymmatly baýlykdyr. Saglygy goraýyşda uly üstünliklere ýetmek üçin täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak zerur. Medisina pudagynda ýylyň-ýylna edilýän täze açyşlar köp keselleri bejermeklikde we birnäçe keselleriň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň netijesinde birnäçe zähmet üstünliklerine ýetilýär. Innowasion tehnologiýalar diňe bir takyk anyklama işini ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, bejerginiň netijeliligini şertlendirýär. Häzirki döwürde dünýä ýüzünde saglygy goraýyş ulgamynda täze innowasion tehnologiýalaryň şu görnüşleri hereket edýär: emeli intelekt we tehnika arkaly öwrenmek, genom medisina, telemedisina we mobil programmalar, robotlaşdyrylan hirurgiýa, nanotehnologiýalar, genlerde we öýjüklerde terapiýa, 3D çap etmek, biosensorlar we göterilýän gurluşlar, genomy klonlaşdyrmak we tertipleşdirmek. Bu tehnologiýalar diňe bir medisina amalyýetiniň netijeliligini ýokarlandyrman, bejergisi bolmadyk keselleriň öňüni almaga hem uly ýardam edýär.
Maýa GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy
we informatikasy kafedrasynyň
mugallymy.
Teswirler