Kompýuter tehnologiýalary iň ýaş ugurlaryň biri bolmak bilen örän ýokary tizlikde ösýän öňde baryjy ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda habarlaryň, aragatnaşyk tehnologiýalarynyň köpçülikleýin ýaýramagy ýokary depginlere eýe bolýar. Şol tehnologiýalaryň düzüminiň esasan kompýuter ugruna esaslanýandygyna üns çekmek zerurdyr.
Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda kompýuter tehnologiýalarynyň soňky gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Mundan başga-da öňde baryjy tehnologiýalary öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň islendik pudagynyň öňünde täze meseleler kesgitlenilýär. Şol meseleleri üstünlikli çözmek üçin diňe bir tehnologiýalar ýeterlikli däl, eýsem, olary ulanyp biljek ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak hem wajyp meseleleriň biri bolup durýar.
Kompýuter tehnologiýalary öz düzümine birnäçe ugurlary we dersleri alýar. Olara, umuman aýdanyňda, programma düzmek, multimediýa tehnologiýalary, grafika we bezeg işleri, tory dolandyrma, amallar ulgamy we programma üpjünçiligi, kompýuteriň içki gurluşy we ş.m degişli etmek bolar. Häzirki wagtda komýuterler önümçiligiň dürli pudagynda giňden ýaýrandyr. Şonuň üçin hem talyplaryň haýsy hünär boýunça bilim alýandygyna garamazdan kompýuter tehnikasyny öwrenmekleri wajypdyr.
Begenç DURDYÝEW,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
talyby.
Teswirler