Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere, uly özgerişlere beslenýär. Bu ulgamyň işini has-da kämilleşdirmek, döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary, ylmyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça oňyn ädimler ädilýär. Bu bolsa bagtyýar döwürde ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, milli we dünýä tejribesinden ugur alyp, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işlere badalga berýär.
Ähli bilim ojaklaryna sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak üçin köp mümkinçilikler açylýar, sanly bilim portallary, internet torlary yzygiderli döredilýär. Munuň özi zerur bolan islendik ylmy we beýleki ugurly kitaplary, gollanmalary almaga we ondan peýdalanmaga amatly elýeterlidir döredýär. Şeýle-de daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw jaýlary, abraýly guramalary bilen teleköpri arkaly wideoşekilli okuw sapaklary, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli alnyp barylýar.
Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Çünki häzirki wagtda kompýuter tehnologiýalary we onuň mümkinçilikleri biziň durmuşymyzyň her pursadynda bar. Kämil tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi-de esasy üns merkezinde saklanylýar. Bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi oňyn ösüşlere badalga berýär. Her ýyl mekdebe gadam basýan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Döwrüň talaby bolan akylly serişdelerden, kompýuterlerden ýaş nesliň erkin peýdalanyp bilmeklerini üpjün etmekligi gazanmak ýola goýulýar.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy berkidýär. Milli bilim ulgamynyň ösdürilmegi, innowasion kompýuter tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak ugrunda netijeli işleriň ýola goýulmagy babatda uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!
Begenç DURDYÝEW,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
talyby.
Teswirler