Aýdyň maksatly geljegi nazarlaýan Türkmenistan Watanymyz ähli pudakda öňegidişlikleri gazanýar. Ylym-bilim, sport, bedenterbiýe, oba hojalyk, medeniýet ýaly ugurlar bilen birlikde milli ykdysadyýetimiz we maliýe ulgamy kämilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň we maliýe ulgamynyň batly depginler bilen ösdürilmegi döwrebap geljege binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda bu ulgamyň işi barha kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde dürli ugurlara degişli ykdysadyýet we dolandyryş şeýle hem maliýe hünärleri boýunça ýörite hünärmenler taýýarlanýan bolsa, Türkmen döwlet maliýe institutynda we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geljekki ykdysadyýetçiler bilim alýarlar.
Mundan başga-da ýurdumyzda üç dilde, ýagny, türkmen, iňlis we rus dillerinde “Maliýe we ykdysadyýet” atly ylmy žurnal çap edilýär. Bu ylmy žurnalda ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ylmy makalalary yzygiderli çap edilýär. Çap edilýän makalalar bolsa gönüden-göni ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň işleri bilen baglydyr. Ýene-de bir aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem orta mekdeplerde “Ykdysadyýetiň esaslary”, hünärine we taýýarlygyň ugruna garamazdan ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde “Ykdysady nazaryýet” dersleriniň geçilmegi bu ugurda her bir türkmenistanlylaryň düşünjesiniň bolmagyna şert döredýär.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun! Tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýna MUHAMMEDOWA,
Halkara Ynsanperwer Ylymlary we
Ösüş uniwersitetiniň Halkara maliýe
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler