335 kilometrlik welosipedli ýöriş Marydan paýtagtymyza tarap badalga aldy

31-nji maýda welosipedli ýöriş Mary şäherinden badalga aldy. Oňa ýurdumyzyň Ahal, Daşoguz we Lebap welaýatlaryna hem-de paýtagtymyza wekilçilik edýän türgenleriň 53-si, tälimçileriň 7-si we welosipedlere serenjam berýän hünärmenleriň 2-si gatnaşýar.

Has takygy, Ahal welaýaty bu ýörişe 4 türgen we bir tälimçi, ýurdumyzyň demirgazyk sebiti 7 türgen, 2 tälimçi we iki sany serenjamçy hünärmen, gündogar sebit 11 türgen, bir tälimçi bilen wekilçilik edýän bolsa, paýtagtymyzdan gatnaşýan türgenleriň sany 31-e, tälimçiler bolsa 3-e ýetýär. Şu gezekki ýörişe Aşgabatdan ýurdumyzyň sport ulgamynyň weterany, birnäçe gezek uzak aralyga geçirilen welosipedli ýörişlere gatnaşan, şol sanda 1981-nji ýylda Aşgabat — Mary — Aşgabat aralygyny welosipedde geçen, häzirki wagtda hem ýygy-ýygydan Gökdere jülgesinde uzak aralyga welosiped sürmek bilen meşgullanýan 59 ýaşly Serdar Atabaýew hem wekilçilik edýär.

31-nji maýdan 3-nji iýuna çenli Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ulanmaga berlen Aşgabat — Mary böleginde geçiriljek weloýörişiň umumy uzynlygy 335 kilometre ýeter. Bu ýöriş dört tapgyrdan ybarat bolar.

Taryhy ýörişe gatnaşyjylar badalgadan aýdym-sazly dabaralar bilen ugradyldy. Baharyň iň soňky gününiň ir säherinde başlanan ýörişiň ilkinji gününde onuň iň uzyn tapgyry — 131 kilometr aralygy geçildi. Bu tapgyr günortanlar Babadaýhan etrabynyň çägindäki 239 belgili ýangyç guýujy bekediň awtoduralgasynda tamamlandy. Bu ýerde ýörişe gatnaşyjylar aýdym-sazly dabara bilen garşylanyldy. Garşylanyş dabarasyndan soň, olar ýörite guralan çadyrlarda dynç aldylar.

Şu gün ýöriş ilkinji düşelgeden ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrundaky «Kerwensaraý» söwda we dynç alyş merkezine çenli bolan ikinji tapgyr bilen dowam eder. Bu tapgyryň uzynlygy 104 kilometre ýetýär. 2-nji iýunda bolsa olar bu ýerden Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki sport mekdebine çenli meýilleşdirilen üçünji tapgyrda welosiped sürerler. Ýoluň bu böleginiň uzynlygy 75 kilometrdir. Ýöriş 3-nji iýun güni şol sport mekdebinden paýtagtymyzdaky «Welosiped» binasyna çenli 25 kilometrlik menzil bilen tamamlanar. Bu ýerden bolsa olar Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek köpçülikleýin ýörişiň kerwenine goşularlar.

Aýjemal AŞYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok