7 dürli reňkden ybarat älemgoşar, daşky görnüşi bilen bizi hemişe haýran galdyrýar. Aslynda, olary görenimizde özümizi bagtly duýýarys. Älemgoşar adatça görmesi gaty kyn hadysadyr. Şeýle hem, ol reňkleri bilen däl-de, ýaý görnüşi bilen ünsi özüne çekýär.
Gün şöhlesi ýagyş damjalarynyň arasyndan geçip barýarka, ýagtylyklaryň bir bölegi bu damjalardan şöhlelenýär. Bu waka ak ýagtylygyň beýleki reňklerden aýyl-saýyl tapawutlanmagyna mümkinçilik berýär.
Bu ýerde möhüm zat, gün şöhlesine görä 40-42°C töweregi ýagyş damjalarynyň şöhlelendiriş burçuny döretmegidir. Şeýle hem, älemgoşara seredeniňizde, gözleriňiz döwlen reňk şöhlelerini tutmak üçin güne we ýagyş damjalaryna dogry burçlarda seredýär.
Gün şöhlesi ýagyş damjalaryna urýar we her tarapa takmynan 40°C burçda size tarap şöhlelenýär. Diňe bu aýratyn burçda şöhlelenýän ýagtylyk, älemgoşaryň tapawutly egrisini emele getirýän gözleriňize ýakynlaşýar. Aslynda, älemgoşaryň görnüşi tegelekdir. Emma gözýetim, tegelegiň aşaky ýarysynyň görünmeginiň öňüni alýar.
Hereket edeniňizde, älemgoşar siziň bilen hereket edýär. Mundan başga-da, bu egrilige sebäp bolýan hadysa, 40-42°C yzygiderli şöhlelendiriş burçudyr.
Leýli HEMRAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler