Suw ýaşaýşyň gözbaşy. Durmuşyň esasy çeşmesi bolan suw aşa köp sarp edilende, jana howp salyp bilýär. Hat-da aşa köp suw içmek ölüme çenli eltip bilýär. “Suwdan zäherlenmek” – “giponatremiýa” diýlip atlandyrylýar.
Natriý bedenimizdäki suwuklyk deňagramlylygyny saklamakda möhüm rol oýnaýan faktor. Adatça, beden ýeterlik suw we elektrolit deňagramlylygy bilen üpjün edilýär, şol bir wagtyň özünde bedendäki suwuň aşa köp ýokarlanmagy gandaky natriý derejesiniň peselmegine sebäp bolýar, bu bolsa suwdan zäherlenmegi aňladýar. Howply pes natriý derejesi öýjükleriň, beýniniň we organlaryň çişmegine sebäp bolup, ölüm howply netijelere sebäp bolup biler. Bu adatça gysga wagtyň içinde köp mukdarda suw sarp etmegiň netijesinde ýüze çykýar.
Sportsmenler, esgerler we marafon ylgawçylary ýaly güýçli fiziki işjeňlik wagtynda aşa köp suw sarp edýän adamlar howp astyndadyr. Marafon wagtynda aşa köp suw içýän ylgawçynyň bedeni suwy çalt özleşdirip bilmeýär, netijede suw zäherlenmesi ýüze çykýar. Mundan başga-da, käbir psihologiki näsazlyklary bolan adamlar aşa köp suw sarp edip bilerler. Polidipsiýa diýlip atlandyrylýan bu ýagdaý hassanyň hemişe köp mukdarda suw içmek islegine sebäp bolýar.
Suwdan zäherlenmegiň alamatlary ýumşak kelle agyrylaryndan başlap, newrologiki kynçylyklara çenli sebäp bolup bilýär. Ilkinji alamatlar köplenç kelle agyry, ýürek bulanma we gusmak, aňyň bulaşmagy, bedeniň çişmegi ýaly ýüze çykýar. Has ösen döwürlerde huşuňy ýitirmek, tutgaýlar we koma ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Bu alamatlar, suwuň aşa köp kabul edilmegi sebäpli bedendäki öýjükleriň, esasanam beýniniň öýjükleriniň çişmegi netijesinde ýüze çykýar.
Şonuň üçin uly adama günde takmynan 2-3 litr suw içmek maslahat berilse-de, gündelik suwuň zerurlygy adamdan-adama üýtgäp biler. Bu mukdar esasanam sport bilen meşgullanylanda ýa-da yssy howada köpelip biler. Bedeniňiziň suwsuzlyk signallaryna gözegçilik edip, suw sarp edişiňizi bu signallara görä sazlap bilersiňiz. Suw ýaşaýşyň özeni bolsa-da, hemme zadyň artykmaçlygynyň zyýanlydygyny ýatdan çykarmaly däldir.
Aýlar ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler