Täze mineraldan Gün paneli öndürilip başlanar

Ýaponiýanyň kompaniýalary gün panellerini ulanmak üçin täze innowasion material bolan perowskit atly täze mineral peýdalanyp başlar.

Perowskit mineraly 1839-njy ýylda Ural daglarynda Gustaw Roz tarapyndan tapyldy we oňa döwlet işgäri we mineral ýygnaýjy senator Lew Perowskiniň hormatyna Perowskit ady dakyldy.

Perowskit esasan talk we hlorit slanetslerinde ýüze çykýar. Şeýle hem wulkan gelip çykyşyndaky gaýalarda mikroskopik görnüşde (bazalt lawa görnüşinde) duş gelýär. 

Ýaponiýanyň “Toshiba”, “Sekisui Chemical” we “Panasonic” kompaniýalary döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlykda bu materialdan çeýe Gün panellerini öndürmek üçin konsorsium döredýärler. Bu täze konsorsiuma hususy we döwlete degişli pudaklaryndan 150 agzanyň girmegine garaşylýar. Bularyň arasynda Söwda we senagat ministrligi, ykdysadyýet, “Aisin”, “Kaneka”, şeýle hem Ýaponiýanyň esasy demir ýol operatory bolan “Japan Railways” bar.

Perowskit panelleriniň ulanylmagy 2040-njy ýyla çenli ýurduň täzelenen energiýa üpjünçiligi strategiýasynyň esasy bölekleriniň birine öwrüler. Bu Gün panelleriniň esasy artykmaçlygy olary gaty modullary ulanmak maksada laýyk däl ýa-da mümkin bolmadyk ýerlerde, ýagny diwarlara we penjirelere gurnap bolýar. Mundan başga-da onuň, energiýa öwrülişiniň netijeliligi we çydamlylygy boýunça özüne meňzeşleriň aglabasyndan has ýokarydyr.

Ogulşirin Öwezgeldiýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika Institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok