Pekin şäherinde Hytaý-Arap ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk forumy geçiriler. Oňa Arap ýurtlarynyň birnäçesi gatnaşar. Ýagny, Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah al-Sisi, Tunisiň Prezidenti Kais Said, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammet ben Zaýed al-Nahaýýan we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we Arap döwletleriniň ligasyna agza ýurtlardan daşary işler ministrleri bar.
Geçiriljek forumyň maksady Hytaý we Arap ýurtlarynyň arasynda söwda, arassa energiýa, kosmos barlaglary we saglygy goraýyş ugurlarynda hyzmatdaşlygy berkitmekden ybaratdyr.
Hytaýyň Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin halkara forumyň açylyş dabarasynda çykyş edip, arap ýurtlary bilen nebit we gaz pudaklary bilen bir hatarda has uly möçberli maýa goýumlar bilen bir hatarda has köp hyzmatdaşlyk ediljekdigini aýtdy.
Geçen ýyl boýunça Hytaý bilen Arap aýlagynyň sebitindäki Arap ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 286 milliard dollar bolupdyr.
Hytaý-Arap döwletleri hyzmatdaşlyk forumy (CASCF – China-Arab States Cooperation Forum) 2004-nji ýylda esaslandyryldy.
Güljan Ataýewa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika Institutynyň talyby.
Teswirler