Lebaply kärendeçiler bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdiler

Lebap welaýatynyň gallaçy-kärendeçileri 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdiler. Gallaçy-kärendeçiler ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etdiler hem-de yhlasly zähmet çekdiler.

Häzirki wagtda bugdaý hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça taýýarlyk işler tamamlandy, welaýatda bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem bugdaý hasylyny bökdençsiz kabul etmeklige we saklamaklyga doly taýýar edildi. Kuwwatly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 300-den gowragy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýar ýagdaýda goýuldy.

Şeýle hem bugdaý hasylyny ekin meýdanlaryndan galla kabul ediş nokatlaryna awtoulaglaryň we beýleki tehnikalaryň jemi 1 müň 520 töweregi daşarlar. Orak möwsüminde zähmet çekýän kombaýnçylaryň, sürüjileriň meýdan şertlerinde dynç almaklary üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça hem degişli işleriň geçirilendigini bellemek bolar.

Jogapkärli möwsümde bugdaýly meýdanlarda galla oragynyň dowam edýän ýerlerinde, galla kabul ediş nokatlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi tarapyndan ýörite usuly-amaly maslahatlaryň geçirilýändigini, kombaýnlaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjün edilendigini hem bellemek möhümdir.

Ýakup SUWHANOW,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok