Nakyllar-terbiýe mekdebi

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan nakyllar we atalar sözi birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda adamzat neslini terbiýelemekde, ony dogry ýola gönükdirmekde, öwüt-ündew bermekde gündelik durmuşda peýdalanyp gelipdirler. Ata-babalarymyzyň çuňňur oý-pikirinden we pähim-parasatyndan dörän nakyllar göräýmäge ýönekeýje, sazlaşykly sözler ýaly duýulsa-da, umman deý giň many-mazmuna eýe bolupdyr. Olar şahsyýetiň aňyna, kalbyna ornaşyp, halal ýola, gözel ahlaga ugrukdyryp, kynçylyklary ýeňip geçmäne ýardam edipdir, çagalarda ruhubelentlik terbiýesini kemala getirmekde oňyn täsirini ýetiripdir.

Nakyllar we atalar sözi gelip çykyşy we many-mazmuny taýdan bir hili görünse hem olaryň arasynda aýrybaşgalyklar bardyr. Atalar sözi gönüden-göni aýdyljak bolýan manyny açyk-aýdyň ýüze çykaryp bilýär: “Bar, bar işden bar, işlemedik zada zar”, “Bir gün duza, müň gün salam”.

Nakyllar pähim-paýhasa ýugrulan halk aňlatmasydyr. Onuň döreýşi esasan taryhy wakalar, rowaýatlar bilen baglanyşyklydyr: “Zagarany bal bolanda iý”, “Müsürde şa bolaňdan öz iliňde geda bol”. Nakyllar biziň gündelik durmuşymyzda ulanylyp, olar köpdürliligi bilen tapawutlanýarlar. Nakyllaryň maşgala gatnaşyklary (“Agzybir maşgalada är-baş, aýal ojakdyr”, “Alynjak gyz aý görner”), edep-ekram (“Uýatsyz gyz ýaman, gylyksyz-ogul”), myhmansöýerlik (“Myhman ataňdan uly”), ata-ene sylag-hormat (“Atasyny sylan baý bolar, enesini sylan beg bolar”), çaga terbiýesi (“Çaga eziz, edebi ondan hem eziz”) ýaly durmuşyň islendik ugurlaryna esaslanýan görnüşleri halk arasynda giňden ulanylýar.

Her bir çaganyň edep-terbiýesi, ahlak düşünjesi maşgalada kemala gelýär we jemgyýetde ösdürilýär, berkidilýär. Islendik ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde bilim işgärleriniň orny uludyr. Bu wajyp we mukaddes wezipäni ýerine ýetirmekde jöwher dürdäneleri özünde jemleýän “Paýhas çeşmesi” kitaby her bir mugallymyň gollanma kitabyna öwrüldi. Bu bolsa ata-babalarymyzdan bize miras galan we şu günki güne çenli öz milliligini hem-de gadyr- gymmatyny ýitirmän gelýän, pähim-parasat hazynasy bolan nakyllary we atalar sözüni ýurdumyzyň geljegi we daýanç sütüni bolan ýaş nesillerimize kämil terbiýe bermeklige, sagdyn jemgyýeti gurmaklyga ýardam edýär.

Humaý KASYMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok