Dünýä ýüzünde adamlaryň iň köp içýän içgileriniň biri ýa-da has tanymal içki bu kofe hasaplanýar. Kofe bu kofe agajynyň miwesiniň şäniginden alynýar. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde kofäniň sarp edilişi gün geçdigiçe artýar. “Araplaryň şeraby” diýlip atlandyrylan kofe ady araplaryň “kahwa” sözünden gelip çykandyr.
Indoneziýa dünýäniň iň uly kofe öndürijilerinden biri hasaplanýan döwletdir. Indoneziýanyň Jawa, Sumatra adalarynda öndürilýän kofeler dünýäniň iň ýokary hilli kofeleri hasaplanýar. Häzirki günde Brazilýa kofäniň watany ýaly görünse-de Arabika atly agaç ilkinji kofe agajy hasaplanýar we Kaffa atly sebitinde ösdürilip ýetişdirilýär. Wýetnamda has ajy kofe Robusta ösdürilip ýetişdirilýär. Iň köp kofe içýän halk 2023-nji ýylda gollandlar hasaplanyldy we bir adama bir ýylda 8,3 kg kofe sarp edilendigi hasaba alyndy. Dünýäniň iň gymmat kofesi Kopi Luwak bolup onuň bir kilogramynyň bahasy 350 amerikan dollaryna deňdir. Has köp islegden peýdalanýan kofäniň görnüşleri bu Espresso, Türk kofesi, Kappuçino, Latto, Amerikano ýaly görnüşleridir. Kofe agajynyň miwesiniň bu lezzetiniň üstüni açmaga taryhda bir geçi çopanynyň kömek edendigi ýazylýar. Çopan öz geçileriniň gidip şol agajyň miwesinden iýýändigine üns berýär, şol obada soňra şol miwe dermanlyk hökmünde peýdalanyp başlanylýar. Wagtyň geçmegi bilen kofe dünýäde iň meşhur içgä öwrülýär. Lukmanlar kofäniň adamyň jan saglygyna ýetirýän oňyn täsirleriniň hem birnäçesiniň üstüni açdylar.
Adalat ÇARYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler