Ýakynda ak mermer paýtagtymyzda şähergurluşyk, binagärlik, häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek babatda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, bu ugurda toplanan tejribesini giňden açyp görkezýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi geçirildi. Sergide şäher düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli ugurlaryň ählisi bolup, onuň esasy maksady-da dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak netijesinde innowasion ösüşi gazanmakdan ybaratdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy işlenip düzüldi. Paýtagtymyz Aşgabadyň dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilendigini-de bellemek möhüm. «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna merjen şäher Aşgabadyň girizilmegi, şeýle-de Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýäde mermer örtülen binalaryň iň köp ýygnanan şäheri hökmünde orun almagy dolulygyna äşgär edýär.
Häzirki döwürde geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýän paýtagtymyzyň binagärlik keşbini has-da döwrebaplaşdyrmak, täze-täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän desgalaryň durkuny täzelemek, bagy-bossanlyga büremek, ulag düzümini ösdürmek babatda giň möçberli çäreler amal edilýär, şol sanda sanly tehnologiýalar, inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalar ornaşdyrylýar, inženerçilik-tehniki ýörelgeler milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri bilen utgaşykly sazlaşdyrylýar. Paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk, sport maksatly desgalar, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir baş şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda hem möhüm orna eýe.
Sergide nahallary ösdürmek, seýilgähleri timarlaýyş serişdelerini, bezeg gurallaryny, mebelleri we beýleki önümleri taýýarlamak bilen meşgullanýan kärhanalaryň diwarlyklary, degişli harytlary hem ýerleşdirilipdir, şäher hojalygynyň möhüm bölegi bolan aragatnaşyk we ulag pudagynyň edaralary-da öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda durmuş, önümçilik desgalarynyň ençemesini bina edýän hususy düzümler bolan «Ajaýyp gurluşyk», «Nur bina gurluşyk», «Baýly gurluşyk», «Beýik bina», «Ojar Aziýa» ýaly hususy kärhanalar hem öz diwarlyklarynda durmuşa geçirilen we geljekde amala aşyryljak taslamalaryny görkezdiler. Umuman aýdylanda, «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi şähergurluşyk, ulag-aragatnaşyk düzümini, durmuş, söwda hem hyzmatlar ulgamyny ösdürmekligi giňden ara alyp maslahatlaşmak, täze taslamalar we teklipler bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etmek bilen senagat, medeni, aň-paýhas mümkinçilikleri açar.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.
Teswirler