Angliýada 2026-njy ýyldan başlap köpçülikleýin ýollarda awtopilotyň ulanylmagyna rugsat berer. Bu 2022-nji ýyldan bäri ähli zerur tassyklamalary başdan geçiren “Awtomatlaşdyrylan ulag serişdeleri hakynda kanun” (Automated Vehicle Act) diýlip atlandyrylýan kanun taslamasynyň şalyk tarapyndan tassyklanmagy bilen rugsat berilidi. Resmi metbugatyň habaryna görä, soňky bäş ýylda Angliýada awtomatlaşdyrylan ulaglary ösdürmek üçin 475 million funt sterling maýa goýuldy, 1500 täze iş orunlary döredildi we 2035-nji ýyla çenli bu pudakda her ýyl 42 milliard funt sterling girdeji gazanylyp we 38 000 iş orunlary üpjün edilip bilner. Şeýle hem kanunda, öz-özüni dolandyrýan awtoulagyň sürüji oturgyjyndaky adamyň ýol hadysasynyň netijeleri üçin kanuny jogapkärçilikden boşadyljakdygy kesgitlenýär. Jogapkärçiligi, ätiýaçlandyryş kompaniýalary, programma üpjünçiliginiň dolandyryjysyny döredijiler ýa-da awtoulag öndürijisi paýlaşarlar. Iňlis kanun çykaryjylary, awtopilotyň kanunlaşdyrylmagy ýol heläkçiliklerini azaldar diýip umyt edýärler, sebäbi statistika görä 88% ýol heläkçilik hadysalarynyň sebäpleri adam ýalňyşlyklarydyr. Mundan başga-da hem ýol heläkçiligini azaltmak maksady bilen Angliýanyň ýol gözegçilik kanunyna girizildi, bu awtopiloty esaslandyrýan dünýä belli kompaniýasy “Tesla” kompaniýasydyr.
Şadurdy ORAZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler