“Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň uzynlygy takmynan 450 km bolar

Ýurduň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginde ýerleşjek “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň uzynlygy takmynan 450 km bolar.

“Ojar Aziýa” hususy kärhanasy “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy üçin uly göwrümli taslama hödürleýär.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ini 27,5 metr bolan 4 zolakly ýol bolup, onuň gatnaw bölekleri biri-birinden ýörite bölüji zolak bilen bölüner.

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň geçjek ýerleri öwrenilýär hem-de bu ýoluň we onuň desgalarynyň şekil taslamalary taýýarlanylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok