Bagtyýar körpeler

Agzybirlik hem-de bagtyýarlyk höküm sürýän türkmen maşgalasynda her bir ojagyň göz guwanjyna deňelýän, nesil daragtynyň dowamaty saýylýan mähriban çagalarymyz üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Aýdyň geljegimiziň eýesi bolan ýaş türkmenistanlylaryň bagtly durmuşda ýaşamagy, bilim, terbiýe almagy, wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmekligi üçin döredilýän mümkinçilikleri söz bilen beýan etmek asla mümkin däl.

“Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edarasynyň işini kämilleşdirmegiň” Maksatnamasynyň kabul edilmegi çaganyň irki ýaşdan başlap, ösüp gelýän ýaş nesliň bähbidini, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň, saglygynyň, mekdebe taýýarlygynyň talabalaýyk bolmagyny göz öňünde tutýar hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmekden, çagalara terbiýe we bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakdan, çaganyň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe çenli ýaşly çagalaryň mekdebe doly taýýarlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim-terbiýeçilik işleriniň çagalar baglaryndan başlap kämilleşdirilmegini üns merkezinde goýmagy bu işleriň has hem öňe gitmegine badalga berdi.

Ösüp gelýän ýaş nesil biziň geljegimizdir. Ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, pamykdan päk ýürekli körpeleri hakyky watanperwer ogul-gyzlary edip ýetişdirmek, olaryň jan-saglygyny goramak, bedenlerini berkitmek ata-enäniň, terbiýeçiniň we mugallymyň mukaddes borjudyr. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň bedenlerini berkitmekde tomusky sagaldyş we dynç alyş möwsümi uly orun tutýar. Ýakynda gözel paýtagtymyzy Aşgabat şäherinde ýerleşýän 24-nji, 32-nji, 113-nji, 142-nji, 128-nji, 163-nji, 173-nji, 177-nji çagalar bakja-baglarynda tomusky sagaldyş we dynç alyş möwsüminde körpeleriň bedenlerini berkitmek çärelerini usuly taýdan dogry guramak boýunça usuly-amaly maslahat geçirilip, tomus sagaldyş möwsüminde körpeler bilen gurnalýan beden taplama (açyk howada beden we daban taplama, gün şöhlesine we suw bilen taplamak) çäreleri tomus sagaldyş möwsümi üçin tassyklanylan gün tertibine hem-de taplama çärelerini geçirmegiň usullaryna laýyklykda her gün günüň I ýarymynda alyp barmak boýunça iş tejribe alşyldy. Şeýle hem, çagalar bilen açyk howada beden taplama çäreleri gün tertibinde göz öňünde tutulan irki maşklaryň, irki gezelençleriň we gyzyklanma çäreleriniň çäginde geçirilýän dürli hereketli oýunlaryň üsti bilen geçirilişi amaly ýagdaýda görkezildi. Çagalar bagynyň oýun meýdançalarynda taplama çärelerini geçirmek üçin taýýarlanylan ýörite taplama ýodajyklarynda (taplama ýodajygy: töňňe agajy, kesilen töňňejikler, iri daş, keramzit, ownuk daş, çäge) çagalar bilen açyk howada daban taplama çäreleri geçirildi. Maslahatyň dowamynda çagalaryň jan-saglygyny goramak boýunça hem guralan çykyşlar has täsirli boldy.

Hormatly Prezidentimiziň biz bilim ulgamynyň işgärlerine bildirýän ynamyndan ugur alyp, ýaş neslimiziň Watana gerekli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin halal zähmet çekeris. Döwrüň gymmatyny diňe päk ahlagymyz bilen haklarys, işimizde halal zähmet çekip Watanymyza wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdireris. Göwünlere gül bitiren, galamlara dil bitiren ýaş nesilleriň Hak howandarlary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Baýramgözel ÖWEZOWA,

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň
mekdebe çenli, bilim terbiýe we mekdepden
daşary edaralar bölüminiň baş hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok