Bu gün 25-nji maý-soňky jaň! Şeýle hem gözel paýtagtymyzyň güni. Bu gün meniň üçin, şol sanda meniň bilen birlikde ak mekdebi tamamlaýan ýüzlerçe uçurymlar üçin ýatdan çykmajak gün. Bu gün biz 11 ýyl bir synpda okan synpdaşlarymyz, bize bilim beren, ylym öwreden mugallymlarymyzdyr halypalarymyz we ak mekdebimiz bilen hoşlaşýarys. Birnäçe ýakymly ýatlamalary arkamyzda goýup durmuşymyzyň täze menzillerine gadam basýarys.
“Soňlar” elmydama gynandyryjy, şol sebäpdenem “soňky jaň” däl-de, durmuş ýoluna tarap kakylan “ilkinji jaň” diýeliň. Okuwy abraý we üstünlikler bilen tamamladyňyz. Mundan soňky durmuş ýoluňyzda-da ýokary okuw jaýlarynyň bagtyýar talyplary bolup, Watany beýgeltjek ýaşlar bolmagyňyzy arzuw edýärin!”
Halypa mugallymymyzyň bu gutlagy meniň geljekki durmuş ýolumyň özeni boldy. Orta mekdebi üstünlikli tamamlap, ýokary okuwa girmek, “talyp” diýen gymmatly ady götermek meniň iň uly arzuwlarymyň biri.
Diňe bir men hem däl, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän orta mekdepleriň müňlerçe mekdep okuwçylary bu gün mukaddes bilim ojaklary bolan ak mekdepleri bilen mähirli hoşlaşýarlar. Şol uçurymlaryň birnäçesi öz saýlap alan, höwes bildirýän hünärleriniň eýesi bolmaklyk üçin ýokary okuw jaýlaryna girmekleri ýüreklerine düwüp, giriş synagyny tabşyrarlar. Ýene birnäçesi bolsa, Watan öňündäki mukaddes borjuny ýerine ýetirmeklik üçin harby gulluga giderler. Bu zatlary beýan edýärkäm, şeýle pikirler serime gelýär. Ýaşlar Watanyň goýnunda ýetişip, ýene-de Watanyň daýanjy bolmaga, ýurdumyza hyzmat etmäge tarap ymtylýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň guran ajaýyp döwründe, durmuşyň her pursadyndan ruhubelentlik bilen lezzet almagyňyzy, geljekki tutan maksatlaryňyzyň üstünliklere beslenmegini, ýokary okuwa synag tabşyrýan uçurymlarymyza bolsa, özleriniň arzuw edýän hünärlerine üstünlikli geçmeklerini arzuw edýärin!
Resulmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň
6-njy orta mekdebiniň uçurymy.
Teswirler