Ene dilim – eziz dilim

2000-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji fewraly Halkara ene dili güni bellenilýär. Ene dili gününiň her ýyly bir tema bilen ýa-da şygar bilen atlandyrylar, has dogrusy şol tema bagyşlanýar. Mysal üçin geçen ýylyň temasy “Köp dili öwrenmek üçin tehnologiýany ulanmak” diýlip atlandyryldy. Bilime we jemgyýete has içgin goşulmak üçin köp dil bilmegiň ähmiýeti örän uludyr. Hünärmenleriň aýtmaklaryna, çaklamalaryna görä bir dili ýaşatmak üçin ol dilde azyndan 100 müň adam gürleşmelidir. Häzirki wagtda dünýädäki dilleriň 5 müňden gowragynyň ýitmek howpy bar.

Eziz dilimiz, ene dilimiz, türkmen dilimiz öz gözbaşyny asyrlaryň çuňlugyndan alyp gaýdýar. Ýurdumyz, milletimiz, halkymyz türkmen dilini ezizläp asyrlardan-asyrlara ýaşadyp gelipdirler. Dil munuň özi ynsanyýetiň asyrlar boýy kämilleşdirip gelen baýlygydyr. Şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň türkmen dili hakynda ajaýyp şygryny okanyňda eziz dilimize bolan buýsanjymyz hasda artýar:

Ýüz müň öwüşgünden örülen desse
Şahyra-şygyr sen, gürrüňçä-kyssa,
Ak säheriň nury ýaly arassa
Eziz ene dilim, mähriban dilim.

1990-nji ýylyň 24-nji maýynda “Döwlet dili hakyndaky” Kanun kabul edildi. 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolsa täze türkmen elipbiýi kabul edildi. Neneň buýsanmajak, neneň joşmajak öz ýürek buýsanjymyzy öz ene dilimizde, öz milli harplarymyzda beýan edip bilýäris ahyr. Bize şeýle gymmatlyklary peşgeş beren, şu ajaýyp döwürde ýaşamagymyza sebäp bolan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, belent başlary aman bolsun.

Şatlyk HEMRAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok