Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) ýylyň birinji çärýeginde ykdysady ösüş boýunça öňdebaryjy maglumatlary yglan etdi. Şoňa laýyklykda, YHÖG ýurtlarynda jemi içerki önüm (JIÖ) ýanwar-mart aýlarynda 0,4 göterim ýokarlandy. Ykdysady ösüş geçen çärýekde 0,3 göterim hökmünde hasaba alyndy.
G7 ýurtlarynyň arasynda Angliýada we Germaniýada ösüş birinji çärýekde degişlilikde 0,6 göterim we 0,2 göterim ýokarlandy. Ykdysadyýet Angliýada 0,3 göterim, geçen ýylyň soňky çärýeginde Germaniýada 0,5 göterim pese gaçdy.
Ykdysady ösüş Kanadada ýanwar-mart aýlarynda 0,2 göterim, Italiýada we Fransiýada 0,1 göterim, Ýewropa Bileleşigi sebitinde 0,3 göterim boldy. Ýewropa Bileleşigi sebitinde ykdysadyýet geçen ýylyň soňky çärýeginde 0,1 göterim azaldy.
ABŞ-nyň ykdysadyýeti ýylyň birinji çärýeginde 0,4 göterim ösen hem bolsa, hususy sarp edişiň azalmagy sebäpli öňki çärýekdäki 0,8 göterim ösüş bilen deňeşdirilende haýallady. Ýaponiýada ýylyň ilkinji üç aýynda ykdysadyýet 0,5 göterim azaldy.
YHÖG ýurtlarynyň ykdysady ösüşi birinji çärýekde her ýylda 1,6 göterim hasaplandy.
Göwher ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler