Ýaponiýada duzsuz naharlary has tagamly görnüşe getirmek üçin elektron çemçe oýlanyp tapyldy. Täze oýlap tapyş, berhiz naharlaryny has-da tagamly görnüşe getirýär we iýmegi aňsatlaşdyrýar.
Elektron çemçe gowşak elektrik meýdany döredýär, şeýlelik bilen natriý ionlaryny iýilýän iýmitde jemläp, iýmitiň duzly ýaly tagam bermegine mümkinçilik döredýär.
Duzlanmadyk iýmitleri iýeniňizde, az mukdarda natriý diliňize degýär. Çemçe natriý ionlaryny elektrik togy bilen tagam biliş öýjüklerine gönükdirýär. Şeýlelik bilen, adam iýmitiň duzlydygyny duýýar. Iýmitdäki duzuň mukdary köpelmese-de, onuň tagamynda ep-esli üýtgeşiklik bolýar.
Iýun aýynda Ýaponiýada satyljak elektron çemçeleriň bahasynyň 127 dollar boljakdygy mälim edildi. Ýatladyp geçsek, edil şeýle tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan çöpjagazlar iki ýyl ozal Ýaponiýada işlenip düzüldi.
Ýapon halkynyň gündelik duz sarp etmegi 10 grama ýetýär. Bu, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan maslahat berilýän duzuň takmynan iki essesidir. Duzdan ýüz öwrüp bilmeýän ýapon halky üçin bu elektron çemçe bilen berhiz naharlaryny has aňsat iýip boljakdygy çaklanylýar.
Kemal BAGTYÝAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler