Türküstan yşgyny

Ýer ýüzi boýunça ösümlik dünýäsiniň täsinlikleri, özboluşlylygy boýunça näçe aýtsaň aýdybermeli. Türkmen sährasynyň bezegi bolan ösümlikler diňe bir howany tämizlemek bilen çäklenmän, eýsem tebigata bezeg berýärler. Ösümlikleriň dermanlyk häsiýete eýe bolan görnüşleriniň birnäçesi Garagum sährasynda ýaýrandyr.

Gadymdan bäri halk arasynda tanalýan Türküstan yşgyny – (Rheum turkestanicum) dermanlyk häsiýeti bolan owadan ösümlikdir. Bu köpýyllyk ösümlik kyrkbogunlar maşgalasyna degişlidir. Ösümligiň boýy 40-80 santimetr aralygynda bolup bilýär. Türküstan yşgynynyň gowy ösen kök ulgamy bar. Tiz döwülegen baldagyndaky şiresiniň turşy tagamy bolýar. Ýapraklary ýokary derejede uly göwrümli. Uly ýapraklarynyň gabarasy 1.5 metre çenli ýetmäge ukyply bolup, topragyň üstüne ýazylyp ýatýar. Bir baldakda 3-5 sany ýapragy bolup bilýär. Gülleri gülgüne we gyzylymtyl reňkli. Gül degresi ýönekeý bolup, miwesi üçburç ýa-da “dar ganatjykly hozjagaz” diýlip atlandyrylýar.

Bu ösümlik aprel aýynda gülläp, iýun aýynda miwe berýär. Bu gurakçylyga çydamly ösümlik tohumlary arkaly gowy köpelýär. Çagylly topraklarda, çäge ýerlerde ýaşamagy halaýar. Bu ösümligiň düzüminde adam bedeni üçin zerur bolan mineral maddalar, witaminler saklanýar.

Türküstan yşgyny çölde ýaşaýan jandarlar üçin gymmat ot-iýmlik ösümlik hasaplanylýar. Bu ösümlik güllän döwründe iň owadan keşbi alýar. Ösümligiň köki birnäçe metr çuňluga aralaşmak bilen bir hatarda, ýogynlygyna hem ösýär. Köki, ýapragy, baldagy dermanlyk ähmiýetlidir.

Aýgül ALTYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok