Oba hojalyk toplumynyň işiniň netijeliligi ýokarlandyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba hojalyk pudagyny ulgamlaýyn kämilleşdirmek maksady bilen, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga uly üns gönükdirilýär. Täze taryhy döwürde bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine gönükdirilen hojalygy ýöretmegiň täze usullaryna geçilmegi ak bazarlarymyzy ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli önümler bilen üpjün etmäge, toplumyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Iri oba hojalyk kärhanalary, döwrebap ýyladyşhana hojalyklary, guşçulyk, maldarçylyk boýunça, gök-bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işleýän toplumlar yzygider gurulýar, önümçiligiň möçberini we girdejililigini ýokarlandyrmak üçin innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen üpjün etmek babatda hususy pudakda uly tagallalaryň edilýändigini tassyklaýar. Ýurdumyzyň öndürijileriniň ýokary hili, ekologik howpsuzlygyň derejesi bilen tapawutlanýan önümlerine daşarky bazarlarda hem isleg uly. Ussat hususyýetçiler täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegiň, miweli baglary, nahallaryny oturtmagyň hasabyna azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işleri üstünlikli durmuşa geçirýärler. Çünki tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak oba hojalyk toplumyndaky özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar. Bu iri pudakda dolandyryşyň telematik sanly elektron ulgamy arkaly işler mehanizmleşdirilen görnüşde ýerine ýetirilýär. Daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan öndürilen ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalarynyň satyn alynmagy, ýyladyşhana, maldarçylyk hojalyklarynyň gurluşygynda döwrebap düzümleriň ulanylmagy we ekologiýa babatda alnyp barylýan işler bellärliklidir. Damjalaýyn suwaryş ulgamlary, ekinleri goraýan düzümleri özünde jemleýän mineral dökünler, tohumlardyr önümleri gaplamagyň täzeçe usullary ornaşdyrylýar.

Häzirki zaman önümçilikleriniň, şol sanda ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümlerini öndürýän ýyladyşhana hojalyklarynyň sany ýurdumyzda barha artýar. Pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy önüm öndürijilere onlaýn tertipde önümçiligiň ähli ugurlaryna gözegçilik etmäge hem şert döredýär. Munuň özi özümizde öndürilen önümleri daşarky bazarlara ibermegiň amatly ugurlaryny işläp taýýarlamaga, azyk bolçulygyny kepillendirmäge uly ýardam edýär.

Umuman, Türkmenistan ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan oba hojalyk toplumynyň işiniň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak eziz halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň, ata Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşiniň bähbidine durmuşa geçirilýän özgertmeleriň uly-uly üstünlikler bilen rowaçlanýandygyny aýdyň subut edýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok