Çaý ömri uzadýar

Hünärmenler çaýyň meşhurlygynyň ýokarlanmagynyň, Senagat rewolýusiýasy wagtynda arassa suwa elýeterliligiň pes bolan döwründe Angliýada ölümleriň azalmagy bilen baglanyşyklydygyny anykladylar.

Çaý öndürmek üçin gaýnadylan suwuň dizenteriýa ýaly ölümli keselleri döredýän bakteriýalary we parazitleri öldürýändigini aňladýar.

ABŞ-nyň Kolorado Boulder uniwersitetinden professor Frensiska Antman: “Iň gowy zat, bu arassa suwuň ähmiýetini bilmezden ozal bolup geçdi. “Subutnamalar, 1780-nji ýyllaryň ahyrynda, Senagat rewolýusiýasy döwründe Angliýada ýaşaýanlaryň hemmesine diýen ýaly çaýyň elýeterli bolandygyny görkezýär. Ilatyň gürlügi artýardy, şäherler köpelýärdi, adamlar has kyn şertlerde ýaşaýardylar. Aslynda bu ölüm derejesiniň ep-esli ýokarlanandygyny görkezýän döwür bolmaly. Ýöne ahyrsoňy çaýyň oýlanyp tapylmagy ölüm derejesini geň galdyryjy ýagdaýda pese gaçyrdy” – diýip, belläp geçdi.

Ýiti aşgazan-içege keseli dizenteriýa 1700-nji ýyllarda köp adamyň ölümine sebäp boldy. Ýewropanyň käbir ýerlerinde iň erbet epidemiýalarda ölenleriň 90 göterimi dizenteriýa sebäpli ýüze çykdy. Çaýyň meşhur we elýeterli bolmagyndan soňky döwürler gözden geçirildi. Şoňa görä-de, çaý üçin suwy gaýnadyp içmegiň birnäçe peýdaly taraplarynyň bardygyna göz ýetirildi.

Begenç AMANSAHADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok