Amerikaly jübüt 100 ýaşynda durmuş gurup “Ginnes”-e ýüz tutdular

Filadelfiýadaky garrylar öýünde 100 ýaşly Berni Littman we 102 ýaşly Marjori Fiterman nikalaşyp durmuş gurdular.

Littmanyň agtygy Sarah Siçerman “Ginnesiň rekordlar kitabyna” ýüz tutandyklaryny, sebäbi bu nika döwrüni rekord hasaplaýandyklaryny aýtdy.

Atasynyň sazandadygyny we 65 ýyl bäri bile ýaşaşyp gelýän söýgüli aýaly aradan çykansoň garrylar öýüne göçendigini we Fiterman bilen şol ýerde duşuşandygyny belledi.

Berni Littman we Marjori Fiterman bir uniwersitetde okapdyrlar. Ýöne şol wagtlar ikisi hem birek-biregi tanamaýan ekenler.

Littman bilen 102 ýaşly Fitermanyň arasyndaky gatnaşyklaryň 9 ýyl bäri dowam edýändigini aýdan Siçerman: “Atam durmuş gurmak isleýändigini aýdyp, bizi geň galdyrdy. Ýakynlarymyz üçin kiçiräk üýşmeleň gurap biljekdigimizi aýtdyk. Garry jübüt razylyk bilen nikalaşdylar we durmuş gurdular.” – diýdi.

Hajy MUHAMMETNAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok