Türkmen talyby “Olimpiýada komitetiniň Halkara bütündünýä innowasiýa talyp sergisi 2024” atly bäsleşikde altyn medaly gazandy

Ýaňy ýakynda  Beýik Britaniýanyň  “Oscar Education Ltd UK” we “University of Surrey in London” guramagynda talyplarynyň arasynda zehinlerini, ukyp başarnyklaryny görkezmek, innowasion ösüşlere isleglerini artdyrmak hem-de halkara derejesinde ykrar edilmegini gazanmak maksady bilen geçirilýän  IWISE (International World Innovative Student Exhibition) ýagny “Olimpiýada komitetiniň Halkara bütündünýä innowasiýa talyp sergisi 2024” atly bäsleşiginiň 2024-nji ýylyň 13-nji maýynda jemleýji tapgyrynda Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň “Ykdysadyýet” fakultetiniň “Ykdysadyýet we hukuk” taýýarlyk ugrynyň 1-nji ýyl talyby Polat Baýramowyň “Emeli aň üsti bilen kiçi ýaşlylara hasaplamagy öwretmek” atly taslamasy bilen “Altyn medala” eýe boldy.

Bäsleşik  şertlerine esaslanyp onlaýn görnüşinde geçirildi. Bäsleşigiň indiki tapgyrynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýeňijileriň taslamalarynyň sergisi geçiriler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok