Takmynan 500 müň ýyllyk agaç guralyň galyndylary tapyldy

Londonda ýerleşýän “Nature” hepdelik ylmy žurnalynda çap edilen täze gözlegiň netijesine görä, alymlar Zambiýanyň Kalambo sebitinde takmynan 500 müň ýyllyk agaç guralyň galyndylaryny tapdylar.

Sebite mahsus toprak gurluşy we suw joşmalary netijesinde ýer astynda galan agaç guralyň çüýremändigi we häzirki wagta çenli görnüşini ýitirmän saklanandygy mälim edildi.

Neşir edilen gözlegiň netijesine görä, bu gural irki ata-babalarymyzyň hakykatdanam biziň pikir edişimizden has ösendigini görkezýär.

Gözlegde, infragyzyl stimulirlenen lýumensensiýa (IRSL) atly usuldan peýdalanyldy. Bu usul hünärmenlere fon radiasiýasyna täsir edýän zatlaryň içindäki minerallaryň wagtyny seljermäge mümkinçilik berýär.

Bu tapyndy, hatda “daş asyry” kesgitlemesine düşünişimizi hem üýtgedip biler. Agaç guralyň gurluşygyndaky çylşyrymlylyk derejesi, adatça häzirki döwre düşünişimiz bilen baglanyşykly bolup durýar.

Gülzada EŞIMBETOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok