Demir kislorody tutuş bedene daşamak üçin möhümdir we ýürek şeýle-de öýken keselleriniň howpuny peseldýär, şeýle hem immuniteti sagdyn saklaýar.
Bedende ýeterlik demir bolmasa, öýjükleriňiz, dokumalaryňyz we organlaryňyz optimal işläp bilmez, sebäbi beden ýeterlik sagdyn gyzyl gan öýjüklerini öndürip bilmeýär. Mundan başga-da, beden ganazlyga sebäp bolup biler, bu ýagdaý bejerilmedik ýagdaýynda ölüme hem getirip biler.
Onda bedene näçe mukdarda demir gerek we demir ýetmezçiligiňizi nädip öwezini dolup bolýar?
Demiriň gündelik kabul edilmegi ýaşyna, jynsyna we göwrelilik ýaly başga-da birnäçe faktorlara baglydyr. Angliýanyň Milli saglyk gullugynyň (NHS) habaryna görä, 19 ýaşdan 50 ýaş aralygyndaky erkekler her gün 8,7 milligram demir kabul etmeli, şol bir ýaşdaky zenanlar bolsa 14,8 mg demir kabul etmeli. 11-18 ýaş aralygyndaky oglanlar 11,3 mg, şol bir ýaşdaky gyzlar 14,8 mg demir kabul etmeli.
Bedene demir ýetmezçilik edeninde adam sowuklama ýaly keseller bilen köp keselleýär. Deriniň käbir ýeri esasan hem gözleriň aşagy garalýar. Dem gysýar. Dyrnaklar döwülýär. Iýmit däl zatlara isleg (toprak, kükürt we ş.m.) ýokarlanýar. Ýürek aşa çalt urýar ýa-da bulanýar. Deňagramlylyk ýitýär. Beýni dumanlap durýar.
Demir haýwan etlerinde we ösümlikleriň düzüminde köp bolýar. Hünärmenler balyk, ýumurtga, limon, gyzyl burç, noýba, ysmanak, hurma, hoz, üzüm, ýertudana, kiwi, gawun, mandarin, apelsin, şetdaly ýaly önümlerde köp mukdarda demir saklanýandygyny mälim etdiler.
Kümüş GURBANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler