Tebigata zyňylýan bir gezek ulanylýan plastmassalar tolkunlaryň, günüň we ýeliň täsiri bilen suwdaky mikroplastiki bölejiklere öwrülip, suw jandarlarynyň iýmegine we adamyň iýmit zynjyryna girmegine sebäp bolýar. Şu ýagdaýa esaslanyp, Türkiýäniň Erzurum Atatürk uniwersitetiniň 7 adamdan ybarat topary iki ýyl bäri suw jandarlarynyň üstünde işleýär.
Dürli deňiz we suw çeşmelerinden ýygnalan 300 balyk, 200 leňňeç we 150 süýji suw midiýasy barada gözleg geçiren alymlar, laboratoriýa gurşawynda jikme-jik seljermek arkaly balyk beýnisinde mikroplastika bölejikleriniň bardygyny kesgitlediler.
Mälim bolşy ýaly, plastmassanyň jogapkärçiliksiz ulanylmagy sebäpli daşky gurşawa şeýle-de adam saglygyna uly howp salynýar. Esasanam bir gezek ulanylýan plastik önümleriň daş-töwerege jogapkärçiliksiz taşlanmagy olaryň suw çeşmelerine ýetmegine sebäp bolýar. Suw çeşmelerine ýetensoň, hatda görünmeýän bölejiklere bölünen bu plastmassalar gün şöhlesi, ýel ýa-da tolkun hereketleri bilen mikroplastiki bölejiklere öwrülip dargaýar. Netijede bolsa suwdaky ýaşaýşa oňaýsyz täsirini ýetirýär.
Geçirilen gözleglerde balyk beýnisinde ilkinji gezek mikroplastiki bölejikler tapyldy. Bu bölejikler beýni arkaly ganyň üsti bilen beýleki organlara iberilýär. Şeýle-de bolsa alymlar häzirlikçe sarp edijilerde balyk iýmek bilen baglanyşykly howsala düşmegiň zerurlygynyň ýokdugyny bellediler.
Aýlar AZADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler