Antarktika yklymyndan ada ululygyndaky aýsberg bölünip aýryldy

Soňky 3 ýyldan bäri, Antarktika yklymyndaky Brunt buz tekjesinden Pariž we London ýaly şäherlerden has uly aýsberg bölekleri aýrylýar. Golaýda şeýle äpet aýsbergleriň ýene biri Brunt buz tekjesinden bölünip aýryldy. Onuň ululygy Angliýadaky Waýt adasynyň ululygyna barabarlygy mälim edildi (380 inedördül kilometr).

Antarktidadaky alymlar Brunt buz tekjesinden bölünip aýrylan äpet aýsberg böleginiň 2026-njy ýylda hereket edip başlandygyny mälim etdiler.

Buz öwreniji alymlar bölünip aýrylan äpet aýsberg böleginiň bir sagadyň içinde birnäçe ýüz metr aralygy geçendigini aýsbergde ýerleşdiren global ýerleşiş ulgamy (GPS) arkaly kesgitlediler.

Hemra suratlary äpet buz gatlagynyň daşy suw bilen gurşalan yklymdan aýrylandygyny görkezdi. Alymlar soňky ýyllarda Antarktikada bolup geçýän aşa hereketlenmeden aladalanýarlar.

Wepa ATAJANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok