24 — 25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergisi geçirilýär

Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagty:

24-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
25-nji maýda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.
Telefon belgileri: 39-88-70; 39-88-84-(83)-(82).

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok