20-nji maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde ýaşyl geljegi döretmek üçin ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek şygarynyň astynda “Geljege köpri-2024” forumynyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň ýaşlarynyň dialogy geçirildi.
Merkezi Aziýanyň 5 döwletiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky geçirilen bu dialogda esasy üns ýaşyl tehnologiýany ösdürmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meselesine berildi.
Bu dialoga ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Hytaýyň Ählihytaý Ýaşlar federasiýasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen wekiliýetler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle-de degişli halkara guramalaryň wekilleri, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr magistrantlary hem-de bu ýerde bilim alýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlary gatnaşdy.
Dialoga gatnaşan Türkmenistanyň wekilýetiniň içinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri Begmuhammet Meredowyň bellemegine görä:
- “Bu dialog Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň çäginde möhüm wakalaryň biridir. Bu dialogyň 2022-nji ýyldan bäri yzly-yzyna geçirilip gelinmegi Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde ýaşlar bilen pikir alyşmagyň möhüm platformasyna öwrüldi.”
diýip düşündirdi.
Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky TDU-niň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.
Şeýle-de okaň:
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň dialogy geçirildi
Teswirler