Türkmen telekeçileri ösüşleriň ýolunda

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda telekeçilik pudagyna uly üns berilýär. Her ýyl “Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň” agzalarynyň gatnaşmagynda sergiler guralýar. Ýaňy-ýakynda hem bu birleşmäniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler köşgünde ýurdumyzyň 210-dan gowrak telekeçileri öz öndürýän önümleri bilen halkymyzy tanyş etdiler.

Sergide ýurdumyzyň gündogar künjeginden gelen “Türkmen ýyldyzy” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän “Gerim” haryt nyşanly önümleriniň goýulmagy her kişiniň hem ünsüni çekdi diýsek ýalňyşmarys. 2009-njy ýylda döredilen bu kärhana başda diňe welaýatdaky gurulýan ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalarda elektrik kabellerini we simleriniň gurnama işlerini alyp barýardy. 2020-nji ýyldan bäri bolsa bu hojalyk jemgyýeti elektrik toguny geçiriji kabelleri we tronsformatorlar üçin gerekli bölekleri öndürmäge başlady.

Häzirki wagtda bolsa bu kärhananyň önümçilik gerimi barha giňedi we kabelleriň, izolirlenen we izolirlenmedik elektrik geçiriji simleriň 35 görnüşi öndürilýär we ýurdumyzyň her bir künjeginde ilatymyza elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp kärhana öz öndürýän önümlerini daşary ýurt bazarlaryna hem eksport etmegi meýilleşdirýär.

Şeýle ajaýyp, parahat, hemişelik Bitarap ýurdumyzda okamaga, işlemäge öz ukyp başarnygyňy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan giň gerimli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Akmyrat ÝAGMYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok